At türkmen halkynyň buýsanjy


At türkmen halkynyň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «At türkmen halkynyň buýsanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde täze taryhy döwürde gözelligiň we kämilligiň nusgasy hasaplanýan ahalteke bedewleri ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegiň nyşanyna öwrülendigi, bu bolsa umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygy bolup durýandygy we ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedigi barada bellediler. Şeýle-de milletiň baý taryhy ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.