Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - ylham çeşmesi
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - ylham çeşmesi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gündogaryň beýik akyldar şahyry, türkmen halkynyň milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň giň we köptaraplaýyn döredijiligi ajaýyp zamanamyzda dünýä nusgalykdygy hakynda aýdyldy. Akyldaryň eserleriniň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da nurlanýar, çuň many-mazmuna ýugrulan goşgulary, bu gün dünýä halkyny özüne bendi edýär. Beýik Pyragynyň adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen şygyrlarynda öňe sürýän pikirlerinde esasy ugur adamyň gadyryny bilmek, ynsan mertebesini sarpalamak barada bolup, şahyryň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, akyl-paýhas ummanynda ýüzüp barýan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Bir-birinden ajaýyp goşgularyň, ilkinji nobatda, ýaşlary terbiýelemekde esasy ýol-ýörelge bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.