Kitap – bilimiň çeşmesi
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda «Kitap – bilimiň çeşmesi» ady bilen göreldeli okyjylaryň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde kitabyň adamyň ruhy dünýäsine egsilmez güýç-kuwwat berýänligi hakynda nygtadylar. Geçmişimize nazar aýlasak, ruhy baý halkymyzyň kitaba bolan söýgüsiniň, hormatynyň näderejede beýikdigine, guba düýesini bir kitaba çalşan ata-babalarymyzyň bolandygyndan hem göz ýetirýäris. Kalplara barýan ýol kitaplardan gözbaş alýar. Okyjy kitaby özüne ýoldaş edinip, älem-jahana, gaýbana syýahat edýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Bu günki gün ýurdumyzda türkmeni äleme tanadan, dünýä ylmyna we medeniýetine ägirt uly goşant goşan alymlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň eserlerini öwrenmek hem-de okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin ähli şertler döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler berildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ruhy we ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri ugrunda uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.