Türkmen bedewi halkymyzyň buýsanjy


Türkmen bedewi halkymyzyň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi halkymyzyň buýsanjy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýik ösüşleri nazarlaýan döwrümizde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belent derejelere göterilýändigini belläp, türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr, çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyzdyr diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.