Kitap sergisi


Kitap sergisi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna sergi gurady. Guralan sergide Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri sergini synlan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergä syn etmäne gelen okyjylara Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň Änew medeniýetini öwrenmekde okyjylar köpçüligine gollanma bolandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr.

Sergä gatnaşyjylar baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.