Behişdi bedewler – türkmen halkynyň buýsanjydyr


Behişdi bedewler – türkmen halkynyň buýsanjydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Behişdi bedewler – türkmen halkynyň buýsanjydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň öz gözbaşyny birnäçe müňýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy taryhynyň dowamynda döreden birnäçe ruhy, medeni gymmatlyklary bolup, şolaryň biri hem türkmeniň behişdi bedewleridigi, türkmeniň uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salsaň onuň aňyrsynda asman giňişligi ýaly giň hem çuň hakydanyň we hakykatlaryň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda bedew atyň ornunyň örän uludygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Behişdi bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde ýürekdeş syrdaşy bolup, ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy gylyk-häsiýeti bilen dünýäde giňden tanalýandygyny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda milliliklerimize belent sarpa goýýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.