Şahyrlaryň döredijiliginde döwletlilik ýörelgesi


Şahyrlaryň döredijiliginde döwletlilik ýörelgesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bibliografiýa bölüminiň «Şahyrlaryň döredijiliginde döwletlilik ýörelgesi» ady bilen sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik geljegine sary, aýdyň ýoldan ugur alan mähriban diýarymyzda bolup geçýän belent işlere goşant bolar diýen maksat bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminde bibliografik görkezijileri taýýarlanylýar. Bu bibliografik görkezijileri kitap neşirlerini, döwürleýin metbugat sahypalarynda çap bolup çykan goşgudyr, hekaýalaryny we makalalaryny öz içine alýar. Bibliografiýa görkezijileri giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, görkezijiler wagt yzygiderliliginde, elipbiý tertibinde ýerleşdirilýär hem-de ahyrynda bolsa oňa at görkezijisi berilýär.

Bize, şular ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris.