Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň
Döwletmämmät Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan behişdi bedewlerimiz hakyndaky gymmatly eserleri tutuş halkymyzyň, nesillerimiziň taryhymyz we milli gymmatlyklarymyz hakynda bilimleriniň has-da ýokarlanmagynda möhüm gollanma bolup durýar. Halkymyzyň atlara bolan mähri, söýgi-sarpasy bimöçberdir. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimiziň oňat seýisläp, köpeldip, nesillerimize galdyrypdyr. Şonuň üçin Türkmenistan – behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýy bolmandyr. Ahalteke bedewleri milletimiziň buýsanjy, durmuşymyzyň zynatydyr. Bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz hem-de köňül syrdaşymyz bolup türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegidir.
Çäräniň dowamynda türkmeniň behişdi bedewleriniň ýyndamlykda, çydamlylykda we owadanlykda älem-jahany, özüne bendi edinip gelýän ahalteke bedewleri barasynda gyzykly gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylygy ösdürmekde alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere beslenmegi üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza janlary sag, ömürleriniň uzak hem-de ata Watanymyzy bedew bady bilen ösdürmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.