Taryha baý Watanym
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze ajaýyp kitabynda beýan edilýän taryhy wakalary, Änew medeniýeti baradaky gyzykly wakalar hakynda söhbetdeşlik guraldy. Okyjylarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen guralan bu söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanaçylar, bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gadymy Änewiň täsinlikleri, taryhy ýadygärlikleriň aýratynlygy barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Ýadygärlikler baradaky gürrüňler örän täsirli boldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi, şeýle-de şöhratly geçmişi, müňýyllyklara uzap gidýän taryhy bilen has ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.