Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly gymmatly kitaby barada syn geçirildi.
Bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýar. Gymmatly eser «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar-Bagabat-Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhynda», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolup, ol ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli mirasymyzy döwlet we halkara derejesinde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.