Magtymguly atam guwan iliňe, külli türkmen toý toýlaýar şanyňa
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy hem-de Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly atam guwan iliňe, külli türkmen toý toýlaýar şanyňa» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür dänesi kimin çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň ynsan kalbynda baky orun alandygyny, dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň, ýaş nesli terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň uludygyny giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, watansöýüjilik ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä tanatmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.