Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar


Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda «Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar» ady bilen aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly yz galdyran söz ussatlarymyza, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat goýulýandygy, şeýle-de beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ägirt uly döredijiligi, goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti ösüp gelýän ýaş nesillere terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda ägirt uly işleri alyp barýan, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.