Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda alnyp barylýan işler, medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde türkmen alymlarynyň alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de her bir setiri nakyla öwrülen umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri ýaş nesillerimizi watansöýüji, ahlakly, zähmetsöýer ynsanlar edip ýetişdirmekde uly orna eýe bolýandygyny belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.