Ýeňijileri gutlamak dabarasy geçirildi
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginde şa serpaýyna mynasyp bolan ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary gutlamak dabarasy geçirildi.
Dabara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de ýeňijiler gatnaşdylar. Çykyşlarda halypa mugallymlar döredijilik bäsleşiginde nakgaşlyk, zergärçilik, heýkeltaraşlyk we foto we neşir önümlerinde özleriniň ajaýyp eserleri bilen ýeňiji bolan ýaşlarymyza ýürekden gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Şa serpaýyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaşlyk eseri boýunça,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Abraý Annaýewe «Milli mirasymyz» atly at şaý-sep toplumy boýunça,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Kerim Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek» atly heýkel eseri boýunça,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly foto işleri üçin Şa serpaýy gowşuryldy.

Dabaranyň soňunda ýaş mugallymlara we talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.
