Aýdym-saz sungaty genji - hazyna


Aýdym-saz sungaty genji - hazyna

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphananyň gurnamagynda «Aýdym-saz sungaty genji – hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, gadymy medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýanlygy nygtaldy. Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyzyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek sungaty öwrenijiler we mirasgärler üçin esasy wezipeleriň biridir.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.