Magtymguly Pyragy halkyň ruhy çyragy


Magtymguly Pyragy halkyň ruhy çyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy halkyň ruhy çyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň jöwher paýhasyndan kemal tapan dürdäne şygyrlary watansöýüjilik aýdymyna, ynsanperwerlik mukamyna, agzybirlik senasyna, halallyk nagmasyna, berkararlyk owazyna öwrülip, dünýä ýüzüne ýaň salýandygy barada bellediler. Şeýle-de şahyryň goşgulary ýagşy gylyk-häsiýetleri kalbyňa ornaşmagyň aýdyň ýoly bolup, ýüreklerden ýüreklere uzap gelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň dowamynda döredijilik işgärleriniň ýerine ýetirmeginde birnäçe goşgulary çeper okadylar we «Ylham» seýilgähine gezelenç etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.