Döredijilik nepis sungat


Döredijilik nepis sungat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp «Döredijilik nepis sungat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň ruhy medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant-goşan ýazyjy-şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýändigini, olaryň ömri we döredijiligi hakynda söhbet açmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada söhbet açylyp, türkmen edebiýatynyň taryhynda yz galdyran ýazyjy şahyr Berdi Kerbabaýewiň ömür ýoly, döredijiligi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şahyr öz halkyna ruhy baýlygy miras galdyran birnäçe meşhur goşgularyň, poemalaryň, hekaýadyr powestleriň awtory bolmak bilen çäklenmän, edebi mirasymyzy toplaýjy dramaturg, terjimeçi hökmünde hem tanalýandygy barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.