Çeper okaýyş


Çeper okaýyş

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Sergiler zalynda «Men we kitap» atly çeper okaýyşly bäsleşik geçirdi. Çeper okaýyşa gatnaşan höwesjeň okuwçylar öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.

Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.