Beýik Ýeňşi hiç unutmaz adamzat


Beýik Ýeňşi hiç unutmaz adamzat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Beýik Ýeňşi hiç unutmaz adamzat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda ýeňiş gününiň egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen bellenilýän günlerinde eziz Diýarymyzyň barha rowaçlanýandygy, 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda merdana pederlerimiziň duşmana garşy görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy, batyrlygy, Watan goragynda bitiren hyzmatlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Ýeňiş güni mynasybetli edermen gahrymanlarymyza goýulýan hormat, sarpa, olar hakyndaky edilýän aladalar barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryndan birnäçe rowaýatlary, parasatly sözleri okap berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.