Beýik Ýeňşiň baýramy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda we tylda edermenlik görkezendikleri hakynda söhbet etdiler! «Biz olaryň watana wepalylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris.» - diýip giňişleýin gürrüň etdiler. Dabarada çykyş edenler watanymyzy goran gahrymanlarymyzy ýatlap Ýeňiş barada ýazylan goşgulary okadylar. Gürrüňdeşlik şeýle bir täsirli ýatlamalar bilen tamamlandy.