Kitap – jadyly dünýä
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kitap – jadyly dünýä» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.
Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylary dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanýar. Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes zatdygy öňe sürülýär.
Gezelençli söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşyjylar kitaphana ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.