Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy


Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» ady bilen Täze zaman medeniýet öýüniň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň sarpasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belent tutulýandygy, akyldar şahyryň pähim-paýhasdan püre-pür şygryýeti barha täze öwüşgüne beslenýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de Watany wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi höküminde ýaş nesilleriň kalbynda uly orun alýandygyny belläp, ýurdumyzyň berkararlygyny, il-ýurt agzybirligi baradaky oý-pikirler, arzuwlary bilen ýaşandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.