Watan gahrymanlaryna sönmejek şöhrat


Watan gahrymanlaryna sönmejek şöhrat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 38-nji orta mekdepde Ýeňiş güni mynasybetli «Watan gahrymanlaryna sönmejek şöhrat» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler Ýeňiş güni – ynsanyýetiň parahatçylyk, watan söýüjilik, dostluk baradaky duýgy-düşünjelerini has-da rowaçlandyryp, ýaş nesillerde watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýeleýän senedigini bellediler. Watansöýüjilik, gahrymanlara goýulýan uly sarpa bolsa, bu günki gün türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň biri bolup durýandygyny, şeýle-de Watanyň asudalygy, il-günüň rahatlygy, ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy ugrunda göreşen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.