Şygyr äleminde öçmez Pyragy


Şygyr äleminde öçmez Pyragy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Şygyr äleminde öçmez Pyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasy öwrenmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Çünki Magtymgulynyň goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen baý edebi mirasy galdyrdy.

Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar, çünki akyldaryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, nesihatdyr. Şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyryň edepliligi, agzybirligi, halallygy wagyz edýän goşgulary ynsan ruhuny baýlaşdyrýar.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip berýän, taryhy şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.