Watan gahrymanlarynyň miras goýan mertligi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde Beýik Ýeňişiň 79 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlarynyň miras goýan mertligi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzat nesline ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidigi, şeýle-de şol gahrymanlaryň häzirki ajaýyp döwrümizde sarpasynyň belentden tutulýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda öz ýaşlyk ýyllary Beýik Watançylyk urşuň ýowuz günlerine gabat gelip, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, olaryň ýazan eserleri barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.