Watan ogullarynyň edermenligi bakydyr


Watan ogullarynyň edermenligi bakydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 11-nji orta mekdepde Beýik Ýeňiş güni mynasybetli «Watan ogullarynyň edermenligi bakydyr» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 79 ýyllygynyň giňden bellenilýändigi, Ýeňiş güni ynsanyýetiň parahatçylyk söýüjilik, dostluk baradaky duýgy-düşünjelerini has-da rowaçlandyrýan, ýaş nesillerde watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýeleýän senedigi, şeýle-de edermen watandaşlarymyz aýgytly pursatda geljekki nesilleriň asuda durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna batyrlygyň belent nusgasyny görkezendikleri barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda merdana pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.