Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi
Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi Beýik Ýeňişiň 79 ýyllygyna bagyşlap «Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi» ady bilen kitap sergisini gurnady.
Merdana halkymyz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişe mynasyp goşant goşdy. Hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde beýik görelde görkezdi. Ilhalar ynsanyň ömür ýoly häzirki türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň belent nusgasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanan weteranlarymyza we olaryň ojagyny saklan enelerimize goýulýan sarpa örän ýokarydyr.
Asuda asmanyň astynda şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýandygymyza Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.