Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy


Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Ahal welaýat kitaphanasynyň hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» ady bilen teleýazgyly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden bellenilýändigi barada gürrüň berdiler. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtap geçdiler.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek hem-de halkara derejesinde wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.