Magtymguly Pyragy – nusgawy edebiýatynyň paýhas ummany


Magtymguly Pyragy – nusgawy edebiýatynyň paýhas ummany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda «Magtymguly Pyragy – nusgawy edebiýatynyň paýhas ummany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler söz mülküniň şasy, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik duýgusyna ýugrulan eserleri ýaşlary terbiýelemekde gymmatly hazyna bolup, akyldar şahyryň döredijiliginde halkyň durmuşyny, edebi mirasyny açyp görkezýän şygyrlary nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bizi şeýle bagtyýar zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.