Kanunym - mertebäm, tugum togabym


Kanunym - mertebäm, tugum togabym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 47-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramyna bagyşlap «Kanunym - mertebäm, tugum togabym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ata Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenip geçirilmeginiň uly manysynyň bardygyny, çünki bularyň ikiside halkymyz üçin mukaddeslik bolup, bu goşa mukaddesligiň türkmeniň gözüniň guwanjy, köňlüniň buýsanjy bolup, olary bir-birinden aýyrmak asla mümkin däldigini nygtadylar. Çünki esasy kanunymyz il-günümiziň bagtyýar geljeginiň, ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň beýany bolsa, Döwlet baýdagymyz ýurduň özbaşdaklygynyň, özygtyýarlygynyň, asudalygynyň, halkyň agzybirliginiň, jebisliginiň buşlukçysy bolup, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerini äleme ýaýýandygyny buýsanmak bilen bellediler.

Çäräniň dowamynda ýaş nesilleriň ýerine ýetiren şygyrlary, aýdymlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.