Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Kanunymyz – kalbymyzyň güýjidir
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Kanunymyz – kalbymyzyň güýjidir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çärede çykyş edenler ýurdumyzyň esasy Kanuny we ýaşyl baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýän we döwlet nyşanlary umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de bagtyýar talyp ýaşlarymyz bolsa, türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar diýip uly buýsanç bilen gürrüň berdiler we baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.