Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik


Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary biziň we biziň şu günki bagtyýar ýaşlarymyz we talyplarymyz üçin uly pähim-paýhas we durmuş mekdebidir. Ýaşlarda Watan söýmekligiň, özüňde iň ýagşy gylyklary terbiýelemekde, kitaby söýmekde, ylym-bilim almakda, bu gymmatly kitaplaryň belli bahasy ýoklygy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.