Baýdagym baş Kanunym
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagym baş Kanunym» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Döwlet baýdagy milli mukaddesliklerimizde döwletimiziň güýji we kuwwaty, milletimiziň mertebesi we sarpasy, şöhratly ata-babalarymyzyň Garaşsyz hem abadan Watan baradaky arzuwlary agzybir we jebis halkymyzyň bagtyýar durmuşy jemlenendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Konstitusiýamyzyň, kanunlarymyzyň kämilleşmegi jemgyýetdäki durmuş ykdysady özgerişlikler bilen utgaşyp ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili bolup, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini, Döwlet baýdagymyzyň parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşany hökmünde tanalýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.