Magtymguly Pyragy – döwürleriň çyragy
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan Arkadag şäheriniň döwlet arhiwinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – döwürleriň çyragy» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, biziň pähim-parasada çuňňur sarpa goýan ata-babalarymyzyň tagallasy bilen türkmen topragy täsin kitaplaryň mekany, dünýä ylmyndan söhbet açýan seýrek neşirleriň saklanýan ýurdy hökmünde belli bolupdyr. Bu nukdaýnazardan ugur almak bilen geçmiş mirasy öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri gymmatly hazyna bolup durýar. Çünki Magtymgulynyň eserleri türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemleýär. Şahyryň ömri, durmuşy, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme ylmy işler ýazyldy, kitaplar çap edildi. Alymlar şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy diňe bir çeper eserlerdir ylmy işlerde däl-de, şekillendiriş sungatynda hem öz mynasyp ornuny tapdy.
Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.