Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Watan şöhrat-şany bolup, pasyrda ýaşyl Baýdagym!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň baýramçylygy mynasybetli dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar. Soňra, olar öz çykyşlarynda biziň bagt Kanunymyz bolan Konstitusiýamyz, şeýle hem Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Ýaşyl Baýdagymyzyň dünýäniň çar künjünde buýsanç bilen pasyrdaýanlygy hakynda söhbet etdiler hem-de Döwlet Baýdagymyz hakynda ýazan goşgularyny okadylar.
Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan beýlägem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.