Goşa mukaddesligiň baýramy


Goşa mukaddesligiň baýramy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Goşa mukaddesligiň baýramy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ynamly ädimler bilen öňe barýan berkarar ýurdumyzyň her güni taryhy wakalara we şanly senelere beslenip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly dabara bilen bellenilýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de, biziň häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes ýaşyl tugumyzyň astynda döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň her biri ýurdumyzyň beýik taryhynyň sahypalarynda altyn harplar bilen ýazylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.