Bahasyz baýlyk, genji- hazyna


Bahasyz baýlyk, genji- hazyna



Üstünden ýyllar geçse- de, özüniň ähmiýetini ýitirmeýän, söz baýlygyny, geçmişiň beýanyny, döwrüň beýik işlerini özünde jemleýän, asyrlary biri-birine baglanyşdyrýan köpri bolup durýan kitaplaryň ynsanyň ruhy dünýäsiniň genji-hazynasydygy, her birimiziň ýakyn maslahatçymyzdygy, ýardamçymyzdygy durmuş hakykatydyr. Sebäbi parasatly sözlerden düzülen jümleleriň ählisi kitaplarda jemlenýär.
Gadymy döwürlerde Köneürgenç, Merw, Dehistan, Amul, Abiwerd ýaly şäherleriniň baý kitaphanalary bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyna ösen medeniýetiň mekany bolan türkmen topragy şaýat. Geçmişimizi şu günümizi, geljek bilen baglaýan kitaplar dürli döwürlerde-de arzyly saýylypdyr. «Kitap— geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap okanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir» ýaly nakyllary döreden pederlerimiziň nesillerini şunuň ýaly gymmatly jümleleriň üsti bilen terbiýeländiklerini-de bellemek gerek.
Kitabyň adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän baýlygydygyny, geljegiň ýol görkezijisidigini we barha öňe barýan zamanamyzda kitaba bolan islegiň artýandygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiziň kitaphana işini ösdürmeklige uly üns berip, kitaplaryň üsti bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, döwletimizde gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmagy wezipe edip goýmagy ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan kitaba bolan sarpasynyň belentdigini görkezýär. Batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda kitaphana ulgamyny döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ösdürmekde uly işler alnyp barlyp, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen kitaphana işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ony dünýä ölçeglerine laýyk guramak, ähli kitaphanalarda täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, gadymy kitaplary aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlary bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda terbiýelemekde, olarda watançylyk duýgularyny oýarmakda uly ähmiýete eýe bolan kitaplar yzygiderli çap edilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli buýsanjy hem-de gymmatlyklary bolan nepis halylarymyzyň, ganatly bedewlerimiziň, aýdym- saz sungatymyzyň waspyny ýetirýän, ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini, Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly şöhratly taryhymyzy giňden beýan edýän kitaplary biziň her birimiz üçin bahasyz baýlyk hem-de nusgalyk mekdepdir.
Ýurdumyzdaky kitaphanalaryň kompýuterleşdirilip, internet ulgamyna birikdirilmegi, şeýle-de elektron kataloglaryň döredilmegi her bir adama özüne gerek bolan maglumatlary, dürli kitaplary elektron görnüşde tapmaga, okamaga mümkinçilik berip, okyjynyň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýär.
Ajaýyp eserler her birimiz üçin ruhy gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly,«Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem. Ylym güllese, taryhymyz güllär, tutuş adamzadyň ykballary, şu günümiz, geljegimiz gülzarlyga öwrüler».

Dünýägözel ORAZOWA