Köňülleriň çyragy


Köňülleriň çyragy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Köňülleriň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerinde adamzada mahsus ynsanperwerlik häsiýeti baradaky goşgular uly orun eýeleýär. Öz döwrüniň kynçylyklaryna, durmuşy meselelerine çözgüt gözleýän şahyr, köplenç ýitirilen ruhy baýlyklara halkyň ünsüni çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymgulynyň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirler ilkinji nobatda türkmen halky we onuň ykbaly bilen baglydyr. Hawwa, hakykatdan hem onuň eserleri, biziň türkmen halkymyza adamzatda bolup biljek iň gowy häsiýetleri ornaşdyrmakda örän wezipesi uludyr» diýip belleýşi ýaly, şahyryň ata-Watana, ene-topraga, agzybirlige, ynsanperwerlige, päk ahlaklylyga bagyşlanan eserleri, edebi pikir-garaýyşlary kämilligiň belent nusgasy bolmak bilen, diňe bir halka däl, bütin adamzada mahsus düşünjeleri nazarlaýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.