Magtymguly Pyragy – dünýä şygryýetiniň göwheri


Magtymguly Pyragy – dünýä şygryýetiniň göwheri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – dünýä şygryýetiniň göwheri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlygy buşlap gelýän her bir ýylymyzyň türkmen halkymyzy täze ösüşlere, şanly wakalara şaýat edýändigi, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň täze üstünlikleriň, bagtyýarlygyň, esasan hem söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň belentden ýaňlanýandygy, şol şygyrlaryň häzirki wagtda hem özüniň gymmatyny ýitirmän, adamlara pähim–paýhas paýlap gelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri mekdep okuwçylaryna Magtymguly Pyragynyň birnäçe ajaýyp goşgularyny labyzly okap berdiler.

Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy, milli medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.