Parla ýaşyl baýdagym
Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda «Parla ýaşyl baýdagym» atly edebi-sazly çäresi geçirildi.
Bu edebi-sazly çärämizde Bitarap Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy synmaz watanperwerligi we milli buýsanjy kemala getirýän, dost-doganlyk ýörelgelerimizi hem-de hoşniýetli garaýyşlarymyzy beýan edildi. Baýdagymyz barlykdyr, bakylykdyr! Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Döwlet Baýdak baýramynyň güni bilen bilelikde baýramçylyk edilmegi hem uly buýsançlydyr. Şu barlygy, beýikligi, belentligi, wasp edýän çykyşlar, aýdym-sazlar, çeper okaýyşlar çärede belentden ýaňlandy.
Çärämiziň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.