Konstitusiýamyzda ýaşyl tugyň öwüşgüni


Konstitusiýamyzda ýaşyl tugyň öwüşgüni

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 130-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýamyzda ýaşyl tugyň öwüşgüni» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup, türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlar boýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada kitaphana hünärmenlerimiz buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.