Baş Kanunly Watanymyzda, parla ýaşyl tugum, baky pasyrda
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Baş Kanunly Watanymyzda, parla ýaşyl tugum, baky pasyrda» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň kabul edilmegi hem-de ýurdumyzyň Döwlet Baýdagynyň döredilmegi halkymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýandygyny, bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watana bolan söýgüsini artdyrýandygy, şeýle-de baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanyp, Döwlet Baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleriniň jemlenendigi barada çykyş etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýarlygyň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.