Toý - baýramyň gelşigi
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda «Toý - baýramyň gelşigi» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.
Aýdym – adamlaryň göwün syrdaşydyr, haçanda aýdym-saz ýaňlananda, köňülde ýakymly joşgun, ruhubelentlik duýgusy döreýär. Ol ynsany täze-täze üstünliklere, täze başlangyçlara ruhlandyrýar. Aýdym-saz döredijiligiň ajaýyp bir aýratynlygydyr, ol ynsanyň tutuş ömrüniň hemrasydyr.
Geçmişde göwni ýaz ýaly şahandaz halkymyz, paýhasly ata-babalarymyz bu sungaty özleriniň hemişelik hemrasyna öwrüpdirler, aýdym-saz sungatynyň mizemejek ýollaryny kemala getiripdirler. Türkmen aýdym-saz sungatyny arşa galdyran ussat bagşydyr meşhur sazandalarymyz kalplarda müdimi ýaňlanjak aýdym-sazlary döredipdirler we biziň günlerimize sünnäläp getiripdirler.
Çäräniň ahyrynda aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.