Gözelligiň göwher gaşy Aşgabat


Gözelligiň göwher gaşy Aşgabat

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Aşgabat» söwda dynç alyş merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Gözelligiň göwher gaşy Aşgabat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Aşgabat şäheri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty bolmak bilen, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip yglan edilendigi, her ýylyň maý aýynyň 25-ne Aşgabat şäheriniň güni uly baýram edip bellenilýändigi, Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.