Türkmen halysynyň baýramy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde «Türkmen halysynyň baýramy» mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň ene-mamalarymyzdan miras galyp, biziň şu günlerimize gelip ýeten, dünýäde deňi-taýy bolmadyk, şan-şöhrata beslenen türkmen halylarymyzyň taryhy we şu güni hakynda gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly hem kämil mirasydyr. Halylar ussat gelin-gyzlarymyzyň köp asyrlyk döredijilikli zähmetiniň miwesidir.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.