«Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwlet kitaphanasy, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, täze çapdan çykan «Magtymguly» atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan türkmen halkymyza, okyjylar köpçüligine, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki ajaýyp döwrümizde beýik şahyryň täze kitaby halkymyza gowuşdy. Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de birnäçe daşary ýurt myhmanlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde beýik şahyrymyzyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylan günlerinde, bu gymmatly kitabyň okyjylarymyza gowuşmagy biz kitaphana işgärlerini diýseň begendirdi, buýsandyrdy.
Dabarada çykyş edenler agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!