Her bir göli Oguzhanyň tagmasy


Her bir göli Oguzhanyň tagmasy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Her bir göli Oguzhanyň tagmasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzyň şuglasy dünýä dolýar. Türkmeniň şan-şöhratly taryhynyň sünnälenip, biziň şu günki bagtyýar döwrümize gelip ýeten, dünýäde tanalýan milli mirasymyzyň bir görnüşi-de zenanlarymyzyň uz barmaklarynyň hünäri bolan ajaýyp türkmen halysydyr. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr.

Çäräniň ahyrynda mirasymyzy öwrenmek we ony dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.