Akyldar şahyryň arzuwlan döwri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Akyldar şahyryň arzuwlan döwri» ady bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýakyn wagtda hormatly Prezidentimiziň hem-de birnäçe daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen beýik şahyrymyzyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylan günlerinde, daşary ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy, dost-doganlyk halklarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy şahyrymyzyň ajaýyp eserlerini, milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.