Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda


Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Göçme kitap sergide Dana şahyrymyzyň kitaplary we Magtymguly Pyragy baradaky kitaplar ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini, goşgularyny çuňňur öwrenmäge, olary sergilerimiziň üsti bilen ýaşlara ýetirmäge uly mümkinçilikler döredildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biri bolup durýandygyny, akyldar şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimilik orny eýelän beýik şahsyýetlerimizi tirsegine galdyryp, olaryň şöhratynyň barha beýgelýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bize nusgawy edebiýatymyzy, milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.