Köňülleriň şahyry


Köňülleriň şahyry

Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleriniň guramagynda «Köňülleriň şahyry» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Akyldar şahyrymyzyň mertebesi, onuň türkmen halkynyň taryhyndaky, medeni-edebi durmuşyndaky ornunyň bakylygy hakynda täsirli gürrüň edildi. Ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýän şygyrlary, biziň her birimiziň kalbymyza beýik ynam, aňymyza edep mekdebi, göreçlerimize öçmejek nur bolup çaýylýar. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy, söýgini wasp edýän hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde ýaş nesilleriň kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň medeniýetiniň, terbiýeçilik mekdebiniň kemala gelmeginde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.